- ulaşmak
- işlik1) Ikinji bir zat bilen sepleşmek ikinji bir zada birikmek, utgaşmak.∙ Mähnet erikleriň gurply şahallary al-asmana ulaşýandyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)2) Baş goşmak, baş urmak.∙ Ýöne, ol seniň ýanyňa barýan hem bolsa ýagşy weli, başga obalara gidip, kart-part oýnuna ulaşyp ýören bolmasa-da biridir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Sen aldanyp öňküden hem beter pis käre ulaşaýmagyn -- diýdi. (A. Gowşudow, Eserler)3) Sezewar bolmak, duçar bolmak, uçramak.4) Bir-birine baglanyşmak, yzygiderli bolmak.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.